Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamdow Azerbaýjanda geçirilýän Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça maslahatyň 7-nji sammitine gatnaşýar. Bu barada «AZERTAJ» habar berýär. Döwlet Baştutanyny Baku kongres merkezinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew garşylady, soňra Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça maslahata agza ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilelikde surata düşmek dabarasyna gatnaşdylar. Gatnaşyjylaryň bu formatyň mundan beýläk-de ösdürilmegi baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmaklary meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar derwaýys halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşarlar. Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça maslahat esasy sebit meselelerini çözmek we agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin köp milletli forumdyr. Onuň düzümine 28 ýurt girýär: Azerbaýjan, Owganystan, Bangladeş, Bahreýn, Wýetnam, Müsür, Ysraýyl, Hindistan, Iordaniýa, Yrak, Eýran, Gazagystan, Kamboja, Katar, Gyrgyzystan, Hytaý, Kuweýt, Mongoliýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Palestina, Pakistan, Russiýa, Koreýa Respublikasy, Täjigistan, Tailand, Türkiýe, Özbegistan, Şri-Lanka. Synçylar bolsa Belarus, Indoneziýa, Laos, Malaýziýa, Saud Arabystany, ABŞ, Türkmenistan, Ukraina, Filippinler, Ýaponiýa, şeýle hem BMG, Arap Döwletleriniň Ligasy, Halkara Migrasiýa Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG), Türki dilli ýurtlaryň Parlament Assambleýasydyr. Formatyň başlygy mandaty uzaltmak mümkinçiligi bilen 2 ýyl möhlete saýlanýar. Şunlukda, 2024-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri Azerbaýjan bu gurama başlyklyk edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→