Gyrgyzystanyň ilatynyň üçden bir bölegine golaýy (17 göterim) semizlikden ejir çekýär, 60 göterime golaýynda artykmaç agram hasaba alynýar. Bu barada ýurduň Milli kardiologiýa we bejergi merkeziniň gastroenterologiýa bölüminiň müdiri Mamiraim Jumabaýewe salgylanýan «rg.ru» habar berdi. «Eger dünýä statistikasyny alsaň, artykmaç agram çagalary hem goşmak bilen, planetanyň ilatynyň 37 göteriminde bar. Gyrgyzystanda bu görkeziji 50 göterimden geçýär, eger zerur çäreler görülmese, ýagdaý has-da ýitileşer. Biz barha Günbatar durmuş terzini saýlaýarys, ýaramaz iýmit endiklerini edinýäris. Onsoňam az hereketli adamlaryň sany-da artýar» diýip, Jumabaýew nygtady. Onuň sözlerine görä, fastwuduň we şekerli içgileriň köp sarp edilmegi ýagdaýy has ýaramazlaşdyrýar. Semizlik süýji keseliniň we ýürek-damar keselleriniň köpelmek howpuny döredýär diýlip, habarda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→