Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Perujanyň Daşary ýurtlylar üçin uniwersitetiniň Dil başarnyklaryny bahalandyrmak we sertifikatlaşdyrmak merkeziniň direktory professor Jowanna Skokossanyň we Halkara gatnaşyklar bölüminiň wekili Walentina Seweroniň alyp barmaklarynda okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagy «Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Perujanyň daşary ýurtlylar üçin uniwersitetiniň (Italiýa Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň» çäklerinde guraldy. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi. Şeýle hem «Italýan diliniň hepdeliginiň» çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow bilen Italiýanyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Brug gatnaşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→