Aşgabatda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Allamyrat Muhammedowyň 75 ýaş ýubileýine bagyşlanan «Mukaddes pata» atly şahsy surat sergisiniň açylyş dabarasy geçiriler. Allamyrat Muhammedowyň döredijiligi dünýäniň köp ýurtlarynda giňden tanalýar. Onuň eserleri dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilen 30-dan gowrak halkara toparlaýyn we şahsy sergilerde görkezildi. Ýubileý sergisinde suratkeş dürli žanrlarda döreden iň gowy eserlerini sungat muşdaklaryna hödürlär. Serginiň dabaraly açylyşy 6-njy noýabrda sagat 16:00-da Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty sergi zalynda geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→