Senagat kükürdiniň okgunly azalýan dünýä gorlary üçin bäsdeşligiň güýçlenmegi azyk önümleriniň gymmatlamagyna getirip biler. Bu barada «Financial Times» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi. Neşiriň habaryna görä, Ormuz bogazyndan daşalyşyň bozulmagy nebitgaz toplumynyň galyndy önümi bolan kükürt kislotasynyň uly möçberde ýetmezçiligine getirdi. Öz gezeginde bu galyndy önüm fosfat dökünini öndürmekde peýdalanylýar. Ýakyn Gündogardaky dartgynly ýagdaý sebäpli önümçilikçiler bu önümiň möçberlerini azaltmaga mejbur bolýarlar hem-de azygyň gymmatlamak mümkinçiligi barada duýdurýarlar. Şeýle-de senagat kükürdiniň gytlygy önüm öndürijiler bilen dag-magdan gazyp alyjy kompaniýalaryň arasyndaky bäsdeşligi ýitileşdirýär. Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylykdan öň kükürdiň ählumumy eksportunyň 50 göterime golaýy bu sebitiň paýyna degişlidi. Russiýa ony daşary ýurtlara eksport etmegi 2026-njy ýylyň aýagyna çenli bes etdi. Hytaý hem kükürt kislotasynyň eksportuna çäklendirme girizdi. Bu ýagdaý nyrhlaryň rekord derejede gymmatlamagyna getirdi.