Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda «Ekolog» programma üpjünçiliginde işlemekligiň usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyna «Döwletabatgazçykaryş», «Marygazçykaryş», «Lebapgazçykaryş», «Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik» müdirlikleriniň we «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň hünärmenleri gatnaşdylar. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda Türkmenistanyň gaz senagatynda geologiýa gözleglerinden we burawlama işlerinden başlap, gazy gaýtadan işlemek we daşamak işlerine çenli daşky gurşawa degişli resminamalary taýýarlamak we parnik gazlary (metany, kömürturşy gazyny, azot oksidini we beýlekileri) monitoring etmek boýunça pikir alyşyldy. Senagat ekologiýasy meselelerini çözmekde programma üpjünçilik serişdelerini ulanmagyň «Integral» ulgamynyň ýöriteleşdirilen programmalarynyň toplumy boýunça ugurlara seredilip geçildi. Bu programmalar dürli ekologik hasaplamalary awtomatlaşdyrmak we resminamalary taýýarlamak üçin niýetlenendir. Hapalaýjy maddalaryň atmosfera zyňyndylaryna gözegçilik etmek üçin UPRZA «Ekolog» programma üpjünçiligi ulanylýar. Zyňyndylary azaltmak boýunça çäreleri saýlamak hem aýratyn ugurdyr. Bu maksat bilen toplumda zyňyndylary azaltmak üçin iň amatly teklipleri saýlamaga niýetlenen «Norma» modulyna seredilip geçildi. Şeýle hem gaz pudagy üçin «GAZ» moduly, gaz geçiriji agregatlardan çykýan zyňyndylary hasaplamaga niýetlenen «GPA-EKOLOG» moduly, gaz gysyjy desgalaryň tehnologik enjamlaryndan çykýan zyňyndylary hasaplamak bilen baglanyşykly «KOMPRESSOR STANSIÝALARY» moduly we beýleki ugurlar boýunça modullar beýan edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→