Estoniýanyň öňki hukuk kansleri Ýulle Madize bu baltika respublikasynyň täze Prezidenti hökmünde kasam kabul etdi. Dabarany «ERR» milli teleýaýlymy görkezdi diýip, TASS habar berdi. Madize Prezidentiň wezipesine girişmek bilen, Eston Respublikasynyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny gorajakdygyna kasam etdi. Dabara ýurduň Riýgikogusynda (parlament) deputatlaryň, hökümet wekilleriniň, diplomatik düzümiň we öňki Prezidentleriň gatnaşmagynda geçdi. Täze döwlet Baştutany eston parlamentinde 2-nji sentýabrda geçen gizlin ses berlişik netijesinde wezipä bellendi, ony deputatlaryň 71-si goldady. 51 ýaşly Ýulle Madize hukuk ylymlarynyň doktorydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→