Pakistanyň Multan şäheriniň golaýynda «Rahman Baba Express» ýolagçy otlusy demir ýoldan agyp, dört adam pida boldy, 30 adam şikes aldy diýip, «Dawn» neşirine salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi. Wakanyň otly günorta port şäheri Karaçiden demirgazyk-günbatar Peşawar şäherine barýarka bolandygy aýdylýar. Sagatda 100 kilometr tizlik bilen barýan otluda 500 töweregi ýolagçy bolupdyr. Ejir çekenlere lukmançylyk kömegi berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→