«Mesi» hojalyk jemgyýeti (MESI Economic Society) 5-nji ýubileý Hazar halkara plastmassa we polimer senagatynyň «Plastex Caspian 2026» atly sergisine ilkinji gezek gatnaşýar. Sergi 14–16-njy oktýabr aralygynda Bakuwda geçirilýär. Kompaniýa öz diwarlygynda dürli göwrümli polipropilen haltalaryny görkezýär. Türkmenistanyň baýdagy dikilen pawilýonda sergä gelýänler adaty haltalardan başlap, uly göwrümli «big-bag» haltalaryna çenli önümleriň nusgalaryny, şeýle hem tegeklere saralan polipropilen matasyny görüp bilerler. Diwarlygyň bezeginde «Çig maldan taýýar önüme çenli» we «Gaplama işinde ygtybarly hyzmatdaşyňyz» diýen şygarlara aýratyn orun berlipdir. Kompaniýa ekstruziýanyň öňdebaryjy tehnologiýasy we önümçiligiň awtomatlaşdyrylan ulgamy barada hem maglumat berýär. «Mesi» hojalyk jemgyýeti Bakuwda geçirilýän «Plastex Caspian» sergisinde önümlerini ilkinji gezek görkezýär Sergini gurnaýjylaryň maglumatlaryna görä, «Plastex Caspian» sergisi Azerbaýjanda plastmassa önümçiligi ulgamynda täze önümleri we innowasion çözgütleri tanyşdyrmak üçin niýetlenen ýeke-täk ýöriteleşdirilen meýdança bolmagynda galýar. Bu ýerde öndürijiler, inženerler we satyn alyş hünärmenleri pudagyň öňdebaryjy işläp taýýarlamalary bilen tanyşýarlar. Sergi sebitiň gurluşyk pudagynda geçirilýän iň iri çäreleriň biri bolan Hazar gurluşyk hepdeliginiň çäklerinde guralýar. Gurnaýjylaryň habar bermegine görä, çärä 22 ýurtdan 382 kompaniýanyň we takmynan 9,5 müň myhmanyň gatnaşmagyna garaşylýar. «Mesi» hojalyk jemgyýeti Bakuwda geçirilýän «Plastex Caspian» sergisinde önümlerini ilkinji gezek görkezýär Serginiň ekspozisiýasy birnäçe tematiki bölüme bölünýär. Olara awtoulag şaýlary, sarp ediş harytlary, gaplama önümleri, gurluşyk materiallary, gaýtadan işlemek we galyndylary dolandyrmak ulgamlary, 3D çap etmek, üflemek arkaly galyp döretmek, ekstruziýa we guýma enjamlary, bioplastikler we ekologiýa taýdan durnukly polimerler, goşundylar we doldurgyçlar, reňkleýjiler we masterbaçlar, şeýle hem polietilen, polipropilen we poliwinilhlorid (PVC) girýär. Täze gatnaşyjylar üçin bu sergi Azerbaýjanyň we GDA ýurtlarynyň çalt ösýän bazarlaryna çykmaga mümkinçilik döredýär. B2B görnüşindäki ýörite duşuşyklar pudagyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berýär. Sergi meýdançasy bolsa önümleriň ulanylyşyny görkezmäge, bazaryň islegini öwrenmäge we bäsdeşleriň işine baha bermäge mümkinçilik döredýär.