Russiýanyň Irkutsk oblastynyň Nižneilimsk etrabynda aýylaryň hüjümi netijesinde iki adamyň pida bolandygy habar berilýär, olaryň jesetleri etrabyň dürli ýerlerden tapyldy diýip, «MIR 24» habar berdi. Derňew işleriniň maglumatyna görä, 10-njy oktýabrda Tareýa derýasynyň kenaryndan 56 ýaşly erkek kişiniň köp ýerine ýara düşen jesedi tapyldy, hünärmenler onuň ölümine aýynyň sebäp bolandygy barada netijä geldiler. Şol gün Kaýmonow obasyndan 15 kilometrlikdäki tokaýdan 47 ýaşly erkek kişiniň jesedi tapyldy. Onuň sentýabryň ortasyndan bäri tokaýdaky gyşlagda ýaşandygy, birnäçe wagt bäri dereksiz ýiten hasaplanandygy habarda bellenýär. Ýeri gelende aýtsak, soňky günlerde Russiýada adamlaryň aýy hüjümlerinden ejir çekýändikleri barada habarlar artýar.