Türkiýäniň Tokat ülkesiniň bäş müň töweregi ýaşaýjysy birmeňzeş alamatlar boýunça lukmanlara ýüz tutdular. Bu barada ülkäniň gubernatoryna salgylanýan «rg.ru» habar berdi. Habarda 9-njy oktýabrdan bäri ýaşaýjylaryň lukmançylyk merkezine ýürek bulanma, gusma, aşgazan agyry we içgeçme sebäpli köpçülikleýin ýüz tutandygy aýdylar. 70 töweregi adam hassahana ýerleşdirildi, olaryň 40-sy öýlerine goýberildi, 30 sanysy bejergi alýar. Olaryň janyna howp ýok ýok diýip, gubernator aýtdy. Tokatyň häkimiýetleri içimlik suwuň nusgalaryny Ankaranyň Saglygy goraýyş ministrligine iberdiler, barlagyň netijelerine garaşylýar. Mekdeplerde arassaçylyk çäreleri görülýär, biynjalyk bolara heniz esas ýok diýip, sebitiň ýolbaşçysy nygtady.