ABŞ-nyň federal kazyýetiniň kazysy Jennifer Roşon Donald Trampyň administrasiýasyna döwlet býujetiniň hasabyna tölenýän we prezidenti wagyz edýän telemahabatlary taýýarlamagy hem-de ýaýlyma bermegi wagtlaýyn gadagan etdi. Kazyýetiň karary 14 gün möhlet bilen hereket eder. Bu karar ABŞ-nyň Kongresine noýabr aýynda geçiriljek aralyk saýlawlaryň birnäçe hepde öňünden kabul edildi. Amerikan habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, bu mahabat kampaniýasyna ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň serişdelerinden, takmynan, 20 million dollar sarp edildi. Kazyýet işine täjirçilik maksadyny gözlemeýän «Democracy Forward» hukuk guramasy başlady. Arza berijiler mahabatlaryň Kongres tarapyndan tassyklanan maksatlaryň çäginden çykýandygyny we döwlet serişdeleriniň wagyz-nesihat üçin ulanylmagyna goýlan çäklendirmeleri bozýandygyny öňe sürdüler. «Jogap berijilere jedelli mahabat serişdelerini işläp taýýarlamaga, döretmäge, ýaýratmaga, ýerleşdirmäge ýa-da ýaýlyma bermäge rugsat berýän islendik ylalaşygy baglaşmak, möhletini uzaltmak ýa-da gerimini giňeltmek gadagan edilýär» diýlip, Roşonyň kazyýet kararynda aýdylýar. Elbetde, Ak Tam bu çykdajylary jemgyýetçilik ähmiýetli mahabat hökmünde häsiýetlendirdi. Muňa garamazdan, mahabat kampaniýasy Respublikan we Demokratik partiýalaryň wekilleriniň tankydyna sezewar boldy. Geçen hepde Tramp mahabat üçin çykdajylary özüniň we saýlaw ştabynyň tölejekdigini aýtdy. Emma soňra Ak Tamyň wekilleri AFP habarlar gullugyna bu beýanyň öň sarp edilen serişdeleriň öweziniň dolunjakdygyny aňlatmaýandygyny düşündirdiler. Trampyň ady saýlaw býulletenlerinde bolmasa-da, ol noýabr aýyndaky saýlawlaryň öňüsyrasynda geçirilýän kampaniýa işjeň gatnaşýar. Ol şeýle etmek arkaly, respublikanlaryň Kongresdäki gözegçiligini saklamagyna ýardam bermegi maksat edinýär.