18 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda küşt boýunça blis ýaryşy 17-nji oktýabrda QSI: «Ashgabat International School» mekdebinde geçiriler. Ýaryşy agzalan mekdep we Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan bilelikde guralýar. Çäräniň hemaýatkäri «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetidir. Gatnaşyjylar irden sagat 8:15–8:30 aralygynda ýygnanyşmalydyr. Oýunçylar ýaşyna we jynsyna görä alty derejä bölünýär. 2016–2018-nji ýyllarda doglan çagalaryň arasynda oglanlar (A dereje) we gyzlar (B dereje) bäsleşer. 2013–2015-nji ýyllarda doglanlaryň arasynda oglanlar (C dereje), gyzlar bolsa (D dereje) boýunça çykyş ederler. Uly ýaş toparyna 2008–2012-nji ýyllarda doglan oglanlar (E dereje) we gyzlar (F dereje) girýär. Aşgabatda 17-nji oktýabrda ýaş küştçüleriň arasynda blis ýaryşy geçiriler Ýaryşa gatnaşmak üçin öňünden hasaba durmak hökmanydyr. Gatnaşmak barada arzalar 15-nji oktýabra çenli kabul edilýär. Öňünden hasaba alynmadyk oýunçylar ýaryşa goýberilmez. Hasaba durlanda, gatnaşyjy öz ýaş toparyna laýyk derejäni saýlamalydyr. Guraýjylar ýaryşa diňe ýaş küştçüleri däl, eýsem olaryň ene-atalaryny we küşt oýnuny halaýan ähli kişileri hem çagyrýarlar. Guraýjylaryň bellemegine görä, bu ýaryş diňe bir bäsleşik bolman, eýsem pikirdeşler bilen tanyşmak, çalt depginde geçirilýän küşt döwlerinde strategik pikirleniş ukybyny synagdan geçirmek we dostlukly bäsdeşlik ruhunda irdenki wagty gyzykly geçirmek üçin hem mümkinçilik döreder.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→