ABŞ-nyň Prezidenti Doland Tramp Ak tamyň metbugat kätibi wezipesine Keti Zahariýany belleýändigini yglan etdi diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi. «Meniň üçin Keti Zahariýany metbugat kätibim edip bellemek uly mertebedir» diýip, amerikan lideri «Truth Social» torunda ýazdy. Zahariýa 1984-nji ýylda doguldy, bilimi boýunça hukukçy, birnäçe amerikan teleýaýlymlary, şol sanda «Fox News» bilen hyzmatdaşlyk etdi. Amerikan habar beriş serişdeleri ony saýlawlardan öňki tutumlary guramaga gatnaşandygy üçin Trampyň wepaly egindeşi hasaplaýarlar. 2026-njy ýylyň awgustynda Ak tamyň metbugat kätibi, Trampyň ýakyn tarapdarlarynyň biri hasaplanýan Kerolaýn Lewitt bu wezipäni maşgalasy bilen wagtyny az geçirýändigi bilen delillendirip, terk edipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→