«Turkmenportal» neşiriniň wekillerini hem öz içine alýan Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýäniň dürli şäherlerine metbugat saparyny amala aşyrýar. Syýahat «Türk howa ýollary» kompaniýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we Türkiýäniň Syýahatçylygy ösdürmek we ilerletmek agentliginiň (TGA) hyzmatdaşlygynda guraldy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýeti Türkiýäniň şäherlerine metbugat saparyna ugrady Maksatnamanyň esasy maksady gatnaşyjylary ýurduň dürli sebitleriniň medeni mirasy, taryhy we tebigy gözellikleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Saparyň ilkinji menzili Balikesir welaýatynyň zeýtun baglary we zeýtun ösdürip ýetişdirmek däpleri bilen meşhur bolan Edremit etraby boldy. Metbugat saparyna gatnaşyjylar zeýtun ýagynyň muzeýine baryp gördüler. Bu ýerde önümçilikde ulanylan däp bolan gurallar, gadymy daş degirmenler, agaçdan ýasalan enjamlar we dürli döwürlere degişli beýleki zatlar görkezilýär. Muzeýiň ekspozisiýasy zeýtun ýagyny öndürmegiň taryhyny, adamlaryň we haýwanlaryň güýjüne esaslanan usullardan başlap, häzirki zaman tehnologiýalaryna çenli yzarlamaga mümkinçilik berýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýeti Türkiýäniň şäherlerine metbugat saparyna ugrady Sapara gatnaşyjylaryň bellemegine görä, sebitiň ýaşaýjylary üçin zeýtun diňe bir oba hojalyk önümi bolman, eýsem ýaşaýyş durmuşynyň, nesilden-nesle geçip gelýän senetçiligiň, şeýle hem ykdysady we medeni özboluşlylygyň aýrylmaz bölegidir. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýeti Türkiýäniň şäherlerine metbugat saparyna ugrady Edremit we onuň töwerekleri Türkiýäniň esasy oba hojalyk sebitleriniň hataryna girýär. Edremit zeýtunlary we zeýtun ýagy etrabyň tanalmagynda möhüm orun eýeleýär. Mundan başga-da, bu sebit deňziň, daglaryň we gök öwüsýän tebigatyň ajaýyp sazlaşygy bilen tapawutlanýar. Bir tarapynda Edremit aýlagynyň kenary, beýleki tarapynda bolsa Kazdagy (Ida) daglary ýerleşýär. Etrabyň meşhur syýahatçylyk merkezleriniň hatarynda Akçaý, Güre we Altynoluk bar. Metbugat saparynyň maksatnamasy Balikesir welaýatynyň beýleki şäherlerinde we gözel ýerlerinde, şeýle hem Çanakkale welaýatynda dowam eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→