«Arkadag» futbol kluby 2026/27-nji möwsümde AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygyny geçirer. Çarşenbe güni, 14-nji oktýabrda türkmen topary myhmançylykda Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira» topary bilen güýç synanyşar. Duşuşyk Abu-Dabi şäherindäki Mohammed bin Zaýed adyndaky stadionda geçiriler we Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanar. Duşuşygyň göni ýaýlymy «The AFC Hub» YouTube kanalynda görkeziler. Birinji tapgyrda «Arkadag» öz meýdançasynda Bahreýniň «Al-Muharrak» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 52-nji minutda Mekan Saparow burçdan berlen pökgini kellesi bilen derwezä gönükdirip geçirdi. «B» toparçasynyň beýleki duşuşygynda «Al-Jazira» bilen Eýranyň «Gol Gohar» topary 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady. Birinji tapgyrdan soň türkmen kluby üç utuk bilen toparçada birinji orny eýeleýär. «Al-Jazira» bilen «Gol Goharyň» hersiniň bir utugy bar, «Al-Muharrak» bolsa entek utuk gazanmady. «Arkadag» topary eýýäm Birleşen Arap Emirliklerine bardy. «SR9 Event Management» kompaniýasynyň sosial ulgamlarda habar bermegine görä, «Arkadag» 10-njy oktýabrda ýurda geldi we duşuşyga görülýän taýýarlygyň jemleýji tapgyryny şol ýerde geçirýär. «Al-Jazira» BAE-niň çempionatynda öňdäki orunlar üçin göreşýän toparlaryň biridir. 2026/27-nji möwsümiň Pro-ligasynyň bäş tapgyryndan soň klub birinji orunda barýar: dört ýeňiş, bir deňme-deňlik, 13 utuk we 11:2 gol gatnaşygy bar. «Al-Aýn» toparynyň hem 13 utugy bar, emma «Al-Jaziranyň» gol gatnaşygy has gowy. «Transfermarkt» portalynyň berýän maglumatlaryna görä, «Al-Jaziranyň» dört futbolçysy liganyň iň gymmat oýunçylarynyň hataryna girýär. Olar braziliýaly Malkom (18 million ýewro) we Taliska (7 million ýewro), albaniýaly Kriştian Aslani (12 million ýewro) hem-de nigeriýaly Entoni Dennisdir (8 million ýewro). «Arkadag» şu möwsümde milli çempionatda hem ynamly çykyş edýär. Klub möhletinden öň, yzly-yzyna dördünji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy. Geçirilen 25 duşuşygyň ählisinde ýeňiş gazanan toparyň hasabynda 75 utuk bar, gol gatnaşygy bolsa 101:12. «Arkadag» futbol kluby 2023-nji ýylda döredildi we adybir şäheriň toparydyr. Klub Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy özenini düzýär. Toparyň baş tälimçisi Wladimir Baýramow.