12-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bilim gaznasynyň direktory Pilwi Torstiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Pilwi Torsti Türkmenistana DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 13-14-nji oktýabrda geçirilýän bäşinji mejlisine gatnaşmak üçin geldi. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar bilim we hünär taýýarlygy ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda hünär bilimi ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, amaly ugurly okuwy ösdürmek we zähmet bazarynyň talaplaryny nazara almak bilen ökde hünärmenleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi. Habarda bellenilişi ýaly, ýaşlaryň başarnyklaryny ösdürmäge we Merkezi Aziýada hünär biliminiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen DARYA sebit maksatnamasynyň ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Global Gateway başlangyjynyň çäklerinde, şol sanda ulag arabaglanyşygyny ösdürmek we sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.