2026-njy ýylyň ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy Maýkl Wudforda (ABŞ, Kolumbiýa uniwersiteti) we Robet E. Holla (ABŞ, Stenford uniwersiteti) «makroykdysady durnuklaşdyrmagyň mikroykdysady esaslary» üçin mynasyp boldy. Bu barada baýragyň saýtyna salgylanýan «Belta.by» habar berdi. Saýtda alymlara baýragyň «ykdysady ylymlar ulgamynda täsirli durnuklaşdyryjy syýasaty geçirmekde biziň mümkinçiliklerimizi görnetin gowulandyrýan täze makroykdysady nusgalary işläp düzendikleri» bellenýär. Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edildi 2026-njy ýylda baýrak özüniň 125 ýyllygyny belleýär. Bu möhüm sene bilen baglylykda, Nobeliň gaznasy pul sylagynyň möçberini bir million kron köpeltmek kararyna geldi, netijede, ol 12 mln krona (1,2 mln dollar) deň boldy. Pul serişdelerinden başga ýeňijilere diplomlar we altyn medal gowşurylýar. Sylaglaryň gowşurylyş dabarasy onuň esaslandyryjysy Alfred Nobeliň doglan güni bolan 10-njy dekabrda Stokgolmda we Osloda geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→