Türkmen mekdep okuwçylaryndan düzülen «OguzRobot» topary 7–10-njy oktýabr aralygynda Koreýa Respublikasynda geçirilen «FIRST Global Challenge 2026» robototehnika boýunça dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdi. Türkmen mekdep okuwçylary robototehnika boýunça dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, türkmen topary «Skills Challenge» (şahsy bäsleşik) görnüşi boýunça kümüş medala, «Winning Alliance» (toparlaýyn bäsleşik) görnüşi boýunça bolsa bürünç medala mynasyp boldy. Toparyň düzümine Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçylary Suhan Nowbatow, Oraznyýaz Rejepow, Aznawur Çolukow, Daýhan Gurbanow we Arslan Babaýew girdiler. Türkmenistanyň milli ýygyndysyny Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy Myrat Sähetgulyýew hem-de Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Dawut Gurbanow ýaryşa taýýarladylar. Bu gezek «FIRST Global Challenge» halkara bäsleşigi «Igniting Innovation» («Täzeliklere badalga») temasy bilen tebigy ýangynlara garşy göreşmekde innowasion çözgütleri işläp taýýarlamaga bagyşlandy. Dünýä çempionatynda 185 ýurtdan gelen toparlar özara bäsleşdiler.