Parižiň 3-nji okrugyndaky gadymy ýapyk bazarlaryň biri bolan «Anfan-Ruž» ýekşenbeden duşenbä geçilýän gije bolan güýçli ýangyn netijesinde ýandy. «BFMTV» teleýaýlymyna salgylanýan «MIR 24» saýtynyň habar bermegine görä, ýerli ýangyn söndüriji gulluklar ýangyny doly gözegçilige alypdyrlar, emma taryhy bazar barybir tutuşlygyna ýanypdyr. 1615-nji ýylda gurlan «Marchй des Enfants-Rouges» bazary Parižiň iň gadymy bazarlarynyň biridir, ol 1982-nji ýylda taryhy ýadygärlikleriň sanawyna girizilipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→