Gündogar Mongoliýadaky Numrug goraghanasynda dörän tokaý ýangynyny söndürmek üçin emeli ýagyş ýagdyrmak boýunça hünärmenler işe çekildi diýip, «news.by» habar berdi. Üç gün bäri söndürmek başartmaýan ýangynyň öňüni almak üçin 140-dan gowrak hünärmen hem-de 18 tehnika gatnaşdy. Işe şeýle hem serhetçilerdir beýleki sebitlerden goşmaça bölümler çekildi. Olara diňe ýangyny saklamak başartdy, emma ony doly öçürmek işleri dowam edýär diýlip, habarda aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→