ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Atlantik ýa-da Ýuwaş ummanyň atlaryny üýtgedip, haýsy-da bolsa birine öz adyny dakmagy teklip etdi. Bu barada DW neşirine salgylanýan «Kazinform» agentligi habar berdi. «Bizde eýýäm aýlag bar. Bizde ajaýyp köl hem bar. Indi bolsa, kimdir biri diýdi: size derýa gerek. Bize derýa gerek. Bize umman gerek» diýip, amerikan lideri öz tarapdarlaryna ýüzlenmesinde aýtdy. Ol täze atlaryň iki nusgasyny teklip etdi – «Trampyň ummany» ýa-da «Amerikanyň ummany». Trampyň sözlerine görä, Prezidentlik möhleti tamamlanýança onuň şahsy ummany hem bolmalydyr. 2025-nji ýylyň ýanwarynda Trampyň başlangyjy bilen ABŞ-daky Meksika aýlagyna Amerikan aýlagy, Alýaskadaky Denali dagyna öňki Mak-Kinli adyny dakdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→