Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin «Onkologiýa» we «Rentgenologiýa» atly iki sany täze okuw kitaby neşir edildi. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, M. Jumaýew, H. Hydyrow we J. Hojamyradow tarapyndan taýýarlanan «Onkologiýa» okuw kitaby iki bölümden ybarat. Birinji bölümde onkologiýanyň umumy meselelerine, howply täze döremeleriň aýratynlyklaryna, kanserogeneziň nazaryýetlerine, şeýle hem keselleri anyklamagyň we bejermegiň häzirki zaman ýokary tehnologiýaly usullaryna garalýar. Ikinji bölüm bolsa bedeniň dürli agzalarynda we ulgamlarynda döreýän täze döremeleriň gelip çykyşyna, toparlara bölünişine, anyklanylyşyna, bejerilişine we öňüni alyş çärelerine bagyşlanýar. M. Jumaýew, H. Hydyrow we T. Durdyýewa tarapyndan taýýarlanan «Rentgenologiýa» okuw kitabynda radiologiýa we rentgenologiýa ugurlarynda gazanylan häzirki zaman üstünlikleri, şeýle hem ylym bilen tehnikanyň ösüşine esaslanýan innowasion usullar barada maglumatlar berilýär. Kitapda keselleri we patologik ýagdaýlary bejermekde rentgen şöhleleriniň ulanylmagyna aýratyn üns berilýär. Şeýle-de neşirde şöhle bilen bejergide ulanylýan enjamlaryň şekilleri we olary ulanmagyň usullary barada maglumatlar ýerleşdirilipdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→