Daşoguz şäherinde häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän, 240 orunlyk täze çagalar bagy guruldy. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, täze desganyň umumy meýdany takmynan 2,5 gektara barabardyr. Bu ýerde çagalaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, şol sanda daşary ýurt dillerini öwrenmegi, hereketli oýunlar bilen meşgullanmagy we döredijilik ukyplaryny ösdürmegi üçin ähli zerur şertler döredildi. Iki gatly binada 12 topar üçin niýetlenen otaglar ýerleşýär. Olaryň her birinde egin-eşikler çalşylýan otag, naharhana otagy, oýun otagy, ýatylýan otag we hajathana bar. Mundan başga-da, çagalar bagynda aýdym-saz otagy, ýapyk ýüzüş howzy, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk işgärleriniň otaglary, kir ýuwulýan bölüm we aşhana göz öňünde tutulandyr. Abadanlaşdyrylan çäkde tomusky eýwanlar, oýun meýdançalary, çägede oýnalýan meýdançalar, gök önümleri we ir-iýmişleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýerler, hojalyk meýdançasy hem-de dürli maksatly beýleki zerur desgalar gurlupdyr. Çeşmede bellenilişi ýaly, şäheriň çalt ösýän bu ýaşaýyş toplumynda mundan ozal hem döwrebap çagalar bagy we umumybilim berýän mekdep ulanmaga berlipdi. Häzirki wagtda bolsa 600 orunlyk ýene bir mekdebiň gurluşygy alnyp barylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→