2026-njy ýylyň 6–7-nji noýabrynda Şanhaý şäherinde (Hytaý Halk Respublikasy) iki ýurduň döwlet edaralarynyň, işewür toparlarynyň we hususy pudagynyň wekillerini bir ýere jemlejek Türkmen-hytaý işewürlik forumy geçiriler. Forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn söwdany ösdürmek, senagat we oba hojalyk hyzmatdaşlygy, gurluşyk, häzirki zaman tehnologiýalaryny we sanly çözgütleri ornaşdyrmak, üstaşyr ulag-logistika kuwwatyny pugtalandyrmak, şeýle hem ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek meselelerine bagyşlanan tematiki mejlisleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Çäräniň maksatnamasynda Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň edaralaryna we önümçilik meýdançalaryna baryp görmek hem göz öňünde tutulýar. Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan «Ojar Aziýa» kompaniýalar toparynyň düzümine girýän TMT Consulting Group bilen bilelikde geçiriler.