Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde italýan diliniň hepdeligi geçirilýär. Bu çäräniň esasy temasy «Zehinli dil: italýan dili arkaly pikirlenmek, taslamak we döretmek» diýlip atlandyrylýar. Italýan dilini we medeniýetini giňden wagyz etmek, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, her ýyl oktýabr aýynda dünýäniň dürli ýurtlarynda italýan diliniň hepdeligi geçirilýär. Hepdeligiň açylyş dabarasy 9-njy oktýabrda boldy. Oňa Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri we uniwersitetiň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäräniň maksatnamasynyň çäklerinde Italiýadan gelen professorlar Walentina Seweroni we Jowanna Skokossa talyplar hem-de mugallymlar üçin leksiýalary okadylar. Mundan başga-da, uniwersitetiň Dil kafedrasy we «Bilesigelijiler» kluby Italiýanyň medeni-taryhy mirasyna hem-de häzirki zaman durmuşyna bagyşlanan sergini taýýarladylar. Aşgabatda italýan diliniň hepdeligi geçirilýär Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, akademiki alyşmaklygy ýola goýmagyň we dil taýýarlygyny kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Perudja şäherinde talyplar üçin italýan dili we edebiýaty boýunça ýöriteleşdirilen okuw kurslaryny guramak meselesine garaldy. Bellenilişi ýaly, bu çäre italýan dilini bilýän hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berýär we talyplara Italiýanyň medeniýeti, sungaty hem-de däp-dessurlary bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik döredýär. Türkmenistanda talyplaryň arasynda italýan dilini öwrenmäge bolan gyzyklanma barha artýar.