Türkmenistanyň ýaş türgenleri 2–10-njy oktýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tula oblastynda geçirilen mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň küşt sportunyň taryhynda iň ýokary netijäni görkezdiler. 11 türgenden düzülen Türkmenistanyň ýygyndy topary jemi 10 medal — 2 altyn, 5 kümüş we 3 bürünç medal gazandy. Şeýlelikde, topar 2019-njy ýylda gazanylan umumy medal sany boýunça rekordy gaýtalady. Baýraklar maksatnamanyň ähli görnüşleri — nusgawy küşt, rapid we blis boýunça gazanyldy. Her bir türgene ortaça 0,91 medal düşdi. Bu bolsa Türkmenistanyň şeýle çempionatlara gatnaşan taryhyndaky iň ýokary görkezijidir. Umumy medal sanawy boýunça Türkmenistan 12 ýurduň arasynda dördünji orny eýeledi. Gazanylan medallaryň umumy sany boýunça türkmen türgenleri diňe Russiýanyň we Gazagystanyň wekillerinden yza galdylar. Aziýa çempionaty Tula oblastynyň Bunyrýowo obasynda Aziýanyň Küşt federasiýasynyň we Russiýanyň Küşt federasiýasynyň howandarlygynda geçirildi. Ýaryşa Aziýanyň 12 ýurdundan 300-den gowrak ýaş küştçi gatnaşdy. Türkmenistan 7–17 ýaş aralygyndaky türgenleriň çykyş edýän 11 ýaş toparynda 11 türgen bilen wekilçilik etdi. Çempionatyň gahrymany ýedi ýaşly Bahar Jumaýewa boldy. Ol medallaryň üç görnüşini gazandy: nusgawy küştde bürünç, rapidde altyn, blisde bolsa kümüş medala mynasyp boldy. Bahar Lebap welaýatynyň Dänew etrabyna wekilçilik edýär we 2-nji mekdebiň ikinji synpynda okaýar. Onuň nusgawy küşt boýunça halkara reýtingi 1552 deňdir. Rapid boýunça 7 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Hangeldi Myradow altyn medala mynasyp boldy. 13 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Aýa Baýramowa, 9 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda bolsa Bägül Jumaýewa kümüş medal gazandy. 11 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Läle Wepaýewa bürünç medala eýe boldy. Blis boýunça Bahar Jumaýewadan başga-da, 9 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Bägül Jumaýewa, 9 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Çaryhekim Çaryýew kümüş medal gazandylar. 7 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda bolsa Hangeldi Myradow bürünç medala mynasyp boldy. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýew gazanylan netijeler barada şeýle belledi: «Türkmen ýaş küştçileriniň gazanýan medallarynyň hiliniň ýokarlanmagy ýurdumyzda çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda küşt sportunyň häzirki ösüş depgininiň kanunalaýyk netijesidir. Ýylsaýyn ýaş küştçülerimiz halkara ýaryşlara, şol sanda resmi çempionatlara has köp gatnaşýarlar. Türkmenistanda hem eýýäm yzly-yzyna ikinji ýyl halkara çagalar ýaryşlary geçirilýär. Olaryň hatarynda iki aý mundan ozal geçirilen «Kids Expo Chess Cup» ýaryşy hem bar. Beýleki ýurtlardan gelen güýçli garşydaşlar bilen duşuşmak islendik derejedäki küştçi, aýratyn-da, ýaş türgen üçin iň gowy mekdepdir».