Türkmenistanyň «Ahal» futbol kluby 2026/27-nji futbol möwsüminde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň duşuşyklaryny geçirmek üçin Butana geldi. Duşuşyklar 17–23-nji oktýabr aralygynda geçiriler. Bu barada «Günbatar» zolagynyň «A» toparçasynyň ýaryşlaryny kabul edýän Butanyň «Paro» klubunyň metbugat gullugy habar berdi. «Paro» klubynyň bellemegine görä, «Ahal» toparçadaky ýaryşa gatnaşmak üçin bu ýurda gelen üç myhman toparyň ilkinjisi boldy. Öý eýeleri myhmanlara «Bagt ýurdunda» hoş wagt geçirmegi arzuw etdiler we meýdançada garşydaş bolan toparlaryň futbolda dostlardygyny nygtadylar. «Ahal» AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň duşuşyklaryna gatnaşmak üçin Butana geldi «Ahal» we «Paro» toparlaryndan başga-da, «A» toparçada Liwanyň «Al-Ansar» we Siriýanyň «Al-Ittihad» klublary çykyş eder. Ähli duşuşyklar merkezleşdirilen görnüşde, Butanyň paýtagty Thimphu şäherindäki «Çanglimithang» stadionynda geçiriler. Her topar öz garşydaşlarynyň her biri bilen bir gezek duşuşar. «Ahal» ýaryşa 17-nji oktýabrda Aşgabat wagty bilen sagat 17:00-da «Paro» toparyna garşy oýun bilen başlar. 20-nji oktýabrda türkmen kluby «Al-Ittihad» bilen (Aşgabat wagty bilen sagat 20:00-da), 23-nji oktýabrda bolsa «Al-Ansar» bilen (Aşgabat wagty bilen sagat 17:00-da) duşuşar. «Ahal» AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň duşuşyklaryna gatnaşmak üçin Butana geldi Toparçalaýyn tapgyryň netijeleri boýunça sekiz topar çärýek finala çykar. Günbatar zolagyndan toparçalaryň üç ýeňijisi we ikinji orunlary eýelän toparlaryň arasynda iň gowy netije görkezen topar saýlanar. Gündogar zolagyndan bolsa her toparçanyň iň gowy iki topary indiki tapgyra geçer. Çärýek final duşuşyklary mart aýynda, ýarym final aprel aýynda geçiriler. Final duşuşygy bolsa 2027-nji ýylyň 8-nji maýyna meýilleşdirilýär. AFK-nyň täzelenen Çagyryş ligasynyň häzirki möwsümi üçünji möwsüm bolup, oňa yklymyň futbol taýdan ösüp barýan ligalaryndan 20 topar gatnaşýar. Toparçalaýyn tapgyra gatnaşýan her bir kluba 100 müň ABŞ-nyň dollary möçberinde pul baýragy kepillendirilýär. «Ahal» 2025-nji ýylda Türkmenistanyň çempionatynda ikinji orny eýeledi. Şu möwsümde milli çempionatda klub üçünji orunda barýar: 22 duşuşykdan soň onuň hasabynda 42 utuk bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→