Ermenistanyň paýtagtynyň Stepan Şaumýan adyndaky seýilgähinde tanymal kino we teatr artisti Mger (Frunzik) Mkrtçýanyň ýadygärligini açdylar. Heýkeliň açylyşyna artistiň adyny göterýän Ýerewan artistik teatrynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, şeýle hem muşdaklary gatnaşdylar diýip, «MIR 24» habar berdi. Dabara gatnaşyjylar bu wakanyň artistiň mirasyna berlen ýokary bahadygyny, onuň ermeni teatrynyň we kinosynyň aýrylmaz bölegidigini diýip bellediler. Frunzik (Mger) Mkrtçýan sowet we ermeni aktýory, teatr režissýory, SSSR-iň halk artistidi. Ol 40-dan gowrak çeper filmde, köpsanly sahna oýunlarynda keşp döretdi.