Türkmenistanyň raýatlarynyň bir topary «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy hem-de olaryň birnäçesine Türkmenistanyň hormatly atlary dakyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş işini ösdürmekde, döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünlikleri, ilatyň saglygyny goramaga önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, ýokary hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli gol çekdi. Perman dolulygyna metbugatda çap edilýär.