Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Balkanabat şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň habar bermegine görä, Merkeziň 4 we 5 gatly binalardan ybarat toplumy ene-atalar we çagalar üçin 305 orna niýetlenendir. Olaryň 50-si çaga dogrulýan we dogrumdan soňky bölüme, 50-si ginekologiýa bölümine, 80-si täze doglan çagalar bölümine, 10 orun bolsa welaýatda ilkinji bolup açylan täze doglan çagalaryň anesteziologiýa we reanimasiýa bölümine degişlidir. Türkmenistanyň günbatarynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi açyldy Merkeziň düzümine kabul ediş, maslahat beriş, şöhle bilen diagnostika, anesteziologiýa we reanimasiýa bölümleri, şeýle hem jemlenen barlaghana girýär. Mundan başga-da, Merkez dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän kompýuter we magnit-rezonans tomograflary, flýuorograf, mammograf hem-de döwrebap rentgen enjamy bilen üpjün edilendir. Merkeziň enjamlary Ýaponiýanyň, Italiýanyň, Germaniýanyň, Ispaniýanyň, ABŞ-nyň, Koreýanyň, Fransiýanyň we Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen doly üpjün edildi. Täze Merkeze Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýöriteleşdirilen awtomobiller sowgat berildi.