Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara Pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralary boldy. Açylyş dabaralarynyň dowamynda bu saglyk desgalaryna halkara şahadatnamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şunuň bilen baglylykda, Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkezine häzirki zaman onkologiýa çözgütlerine, onkologiki keselleri bejermekde üznüksiz innowasiýalara ygrarlydygyny ykrar edýän şahadatnama, Türkmenistanda Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň üstünlikli döredilendigi, onkologiki kesellere garşy göreşmekde we lukmançylygyň ilerlemeginde goşan möhüm goşandy we aýratyn yhlasy üçin şahadatnamasy, onkologiki keselleri bejermekde gazanan ajaýyp üstünlikleri, öňdebaryjy innowasiýalary hem-de aýratyn ygrarlylygy üçin şahadatnamasy, «Ajaýyp binagärlik baýragy» şahadatnamasy gowşuryldy. Stomatologiýa merkezine agyz boşlugynyň saglygyny goramakda gazanan ajaýyp üstünlikleri, innowasion çemeleşmeleri, şeýle hem naýbaşylyga bolan aýratyn ygrarlylygy üçin şahadatnamanyň, «German Design Award Winner 2026» ajaýyp binagärligi şahadatnamasynyň, Döwrebap stamotologiýada naýbaşylyk şahadatnamasynyň gowşurylmagy aýratyn ähmiýetli boldy. Halkara Pediatriýa merkezine gowşurylan şahadatnamalaryň hatarynda bolsa pediatriýada gazanan ajaýyp üstünlikleri, innowasion çemeleşmeleri, şeýle hem çagalara lukmançylyk kömegini bermekde naýbaşylygy bolan aýratyn ygrarlylygy üçin şahadatnama, «German Design Award Winner 2026» ajaýyp binagärligi şahadatnamasy hem-de Ýokary hil we naýbaşylyk şahadatnamasy bar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→