Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin gelen «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz, «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig, Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, myhmanlar ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralara gatnaşmaga iberilen çakylyk üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we dabaralar mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdiler. Gahryman Arkadag gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýedigini belledi we özara hyzmatdaşlyklaryň bar bolan uly kuwwatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň wajypdygyny aýtdy. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de myhmanlar birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, netijeli hyzmatdaşlyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.