Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin gelen ýurda gelen Germaniýanyň lukmançylyk merkezleriniň wekilleri bilen duşuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, professor lukmanlaryň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda lukmançylygyň dürli pudaklarynda bilelikde işlemegiň köp ýyllyk oňyn tejribesi, saglygy goraýyş ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. Lukman Arkadag maksada gönükdirilen tagallalarynyň oýlanyşykly strategiýasynyň netijesinde Türkmenistanyň bu möhüm ulgamda uly üstünlikleri gazanýandygyny belledi. Şunda germaniýaly lukmanlar bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň özara tejribe alyşmakda, lukmançylyk ylmynyň gazananlarynyň özleşdirilmeginde ähmiýetlidigi barada aýdyldy. Germaniýaly professor lukmanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdiler we saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilýän ýurdy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→