Honda kompaniýasynyň gözleg we işläp taýýarlama bölümi (Honda R&D) Taisei Corporation we Taisei Rotec kompaniýalary bilen bilelikde elektrik awtoulaglary hereketde wagty simsiz zarýadlandyrmaga mümkinçilik berýän tehnologiýany işläp taýýarlady. Bu ulgam Ýaponiýanyň ýollarynda 2027-nji ýylyň 1-nji aprelinde synag edilip başlanar. Täze tehnologiýada öwrüji enjam bilen energiýa geçiriji sargy ykjam bir modula birleşdirilip, gönüden-göni ýoluň örtügine ýerleşdirilýär. Sargy magnit meýdanyny döredýär we şol meýdan arkaly energiýa awtoulagyň aşagynda ýerleşýän kabul edijä geçirilýär. Birnäçe modul biri-birine hemişelik tok ulgamy arkaly birikdirilýär. Şonuň netijesinde awtoulag ýörite enjamlaşdyrylan zolakdan hereket edip barýarka, yzygiderli energiýa alyp bilýär. Ulgam massasy 20 tonna çenli bolan agyr täjirçilik ulaglaryna hem çydamlydyr. Energiýa geçiriji modullary oturtmak üçin ýoly doly täzeden gurmak zerur bolmaz. Bu ulgam öňki asfalt örtüginiň ýokarky gatlagy frezerlenenden soň ýerleşdirilip bilner. Hemişelik tokdan peýdalanmak ýerasty simleriň çekilmegini hem ýeňilleşdirýär we ýoluň ugrunda goşmaça enjamlaryň sanyny azaltmaga mümkinçilik berýär. 2026-njy ýylyň ahyrynda Honda we onuň hyzmatdaşlary Tamura şäherindäki T-FIELD/TAMURA meýdançasynda ýörite synag ýoluny gurmagy meýilleşdirýär. Şol ýerde ulgamyň dürli agramlara çydamlylygy, ulag hereketde wagty energiýanyň geçirilişi we elektromagnit meýdanynyň daş-töwerege ýaýramagynyň öňüni alýan gorag ulgamy barlanar. Indiki tapgyrda simsiz energiýa geçiriş kuwwatyny 150 kWt-a çenli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. Honda bu tehnologiýanyň geljekde adaty zarýad beriş beketlerine düşýän agramy azaltmaga, esasan-da, täjirçilik gatnawlary we logistika pudaklarynda kömek edip biljekdigine ynanýar.