Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini hünär baýramlary — Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. «Ynsan saglygyny goramak mukaddes we asylly işdir. Bu ýörelgeden ugur alyp, biz ýurdumyzda jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň bagtyýar, abadan we sagdyn ýaşaýşyny üpjün edýäris. Ynsan saglygyny goramaga, sagdyn durmuş kadalaryny öňe sürmäge, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen taýýarlanan Türkmenistanyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrüň talaplaryna görä yzygiderli kämilleşdirýäris. Döwrebap hassahanalarydyr sag-lyk merkezlerini, derman senagaty kärhanalaryny yzygiderli gurup ulanmaga berýäris. Lukmançylyk ylmynyň iň soňky gazananlaryny, innowasion tehnolo-giýalary, sanly ulgamy hem-de emeli aňy saglygy goraýyş ulgamyna tapgyrla-ýyn ornaşdyrmak bilen, ilatymyzy ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen gurşamak, keselleriň öňüni almak we derman senagatynyň önümçilik kuwwatyny has-da artdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem siziň hünär baýramyňyza gabatlap, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary, sanly we emeli aň tehnologiýalary ornaşdyrylan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezlerini, «Arçman» şypahanasynyň täze binalar toplumyny dabaraly açyр ulanmaga berýäris. Bu ajaýyp binalarda siziň Gippokrat, Klawdiý Galen, Andreas Wezaliý, Lui Paster, Abu Aly ibn Sina, Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Muhammet Gaýmaz Türkmen, Abubekir Razy, Jelaleddin Hydyr ýaly Günbataryň we Gündo-garyň beýik akyldarlarynyň lukmançylyk ylymlarynyň ösüşine goşan ägirt uly goşantlaryndan hem-de ynsan saglygyny goramakdaky ýörelgelerinden, Gahryman Arkadagymyzyň milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekdäki beýik başlangyçlaryndan we «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» diýen taglymatyndan ugur alyp, ynsan saglygyny goramakda has-da täze belent sepgitlere ýetjekdigiňize berk ynanýaryn» diýlip, döwlet Baştutanynyň Gutlagynda bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynyň ahyrynda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini ýurtda giňden bellenýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglygyny, asuda we bagtyýar durmuşy, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek ugrunda alyp barýan ýadawsyz işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→