Hytaý Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçysy Sun Lini Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň baş direktorynyň wezipesine dalaşgärlige hödürledi. Hökümetiň maglumatlaryna salgylanýan «Azertaj» agentliginiň ýazmagyna görä, Sun Li wezipede Tedros Adhanom Gebreýesusy çalyşmaga teklip edildi. HHR-iň Daşary işler ministrliginiň wekili Mao Nin žurnalistlere eger Sun Liniň bu wezipä saýlanan halatynda tutuş adamzadyň saglygy hem-de abadançylygy üçin has işjeň hyzmaty bitirjekdigini aýtdy diýip, «Reuters» agentligi ýazýar. Sunuň enäniň we çaganyň saglygyny goramak syýasaty we halkara hyzmatdaşlygy ulgamlarynda 20 ýyllyk iş tejribesi bar. BSGG-niň dalaşgärleriniň doly sanawy noýabryň başynda çap ediler diýlip garaşylýar, bu wezipä Saud Arabystanyndan, Belgiýadan, Katardan, Botswanadan, Indoneziýadan we Ispaniýadan jemi alty dalaşgär hödürlendi.