Aşgabatda 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi dörediler. Bu barada TDH habar berýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli resminama ilata halkara ölçeglere laýyklykda häzirki zaman lukmançylygynda ýetilen sepgitlere esaslanýan döwrebap ýöriteleşdirilen onkologiýa kömeginiň berilmegini guramak hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň işini bes edip, onuň binýadynda ministrligiň garamagynda 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini bellenen tertipde döretmek hem-de şu merkez hakynda Tertipnamany bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→