Türkmenistanda 13–18 ýaş aralygyndaky ýetginjekler üçin niýetlenen alty günlük EnglishPalooza maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalar kabul edilýär. Bu möwsümiň temasy — Amerikan işewürligi we brending. Gatnaşyjylara Amerikanyň meşhur brendlerine, ABŞ-nyň tanymal telekeçilerine we bütin dünýäde ulanylýan işewürlik modellerine bagyşlanan interaktiw sapaklar, çekişmeler we döredijilikli ýumuşlar garaşýar. Geçiriljek senesi: 21–28-nji oktýabr. Geçiriljek ýerleri: Aşgabatdaky Amerikan merkezi, şeýle hem Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerindäki «Amerikan burçlary» (American Corners). Gatnaşyjylara bildirilýän talaplar: 1-nji topar: 13–15 ýaş. Iňlis dilini başlangyç (Elementary) derejede ýa-da ondan ýokary derejede bilmeli. 2-nji topar: 16–18 ýaş. Iňlis dilini orta (Intermediate) derejede ýa-da ondan ýokary derejede bilmeli. Gatnaşmak üçin şu salgydaky anketany dolduryň: https://forms.cloud.microsoft/g/QKFxD6bX3j?origin=lprLink Arzalary tabşyrmagyň soňky möhleti: 15-nji oktýabr.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→