Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Hazar ekologiýa sammitinde Hazar deňziniň sanly ekiz nusgasyny döretmek baradaky rus başlangyjy barada gürrüň berdi we hyzmatdaş ýurtlary bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine goşulyşmaga çagyrdy. Bu barada Russiýanyň RIA agentligi habar berýär. Sammit Hazaryň gündogar kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi. Putiniň sözlerine görä, bu emeli aň algoritmlerinden peýdalanýan, ýokary takyklykdaky wirtual model bolar. Ol Hazar deňziniň derejesiniň üýtgemeginiň dürli ssenariýalaryny hasaplamak üçin bugarmanyň, ygalyň we derýalaryň akymynyň dinamikasyny seljerer. Bu maglumatlar gämi gatnaw ugurlaryny has takyk kesgitlemäge we deňiz ulaglarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga hem ýardam eder. Prezident bu başlangyja GDA ýurtlaryny gatnaşmaga çagyrdy. Putin Hazaryň suwunyň çekilmegini sebitdäki iň ýiti meseleleriň biri diýip atlandyrdy. Russiýanyň berýän bahalaryna görä, diňe Hazaryň Russiýa degişli böleginde soňky 20 ýylyň dowamynda kenarýaka ýerleriniň takmynan 20 müň inedördül kilometri suw astyndan çykyp, gurap galypdyr. Rus tarapynyň maglumatlaryna görä, deňziň derejesi ýylda ortaça 9 santimetr peselýär. «Deňziň derejesiniň häzirki depginlerde üýtgemeginiň dowam etmegi birnäçe agyr ekologik netijelere getirip biler» — diýip, ol belledi. Putin suwuň çekilmeginiň balykçylyk pudagyna zyýan ýetirýändigini, biologik baýlyklaryň azalmagyna we kenarýaka topraklarynyň eroziýasyna sebäp bolýandygyny, şeýle hem Hazarüsti logistika geçelgeleriniň maýa goýumlary üçin özüne çekijiligini peseldýändigini aýtdy. Ol bu ýagdaýyň esasy sebäbi hökmünde howanyň üýtgemegini görkezdi. Şeýle hem Russiýanyň gämi gatnawyny üpjün etmek üçin deňziň düýbüni çuňlaşdyrmak işlerine her ýyl býujetden ep-esli serişde bölüp bermeli bolýandygyny belledi. Mundan başga-da, Russiýanyň hökümetinde Hazar deňziniň derejesiniň üýtgemegini 2030-njy ýyla çenli öwrenmek boýunça toplumlaýyn maksatnama taýýarlanylýar. Moskwa bu maksatnamanyň netijelerini hyzmatdaş ýurtlar bilen paýlaşmagy göz öňünde tutýar. Birinji Hazar ekologiýa sammiti 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirildi. Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň döwlet baştutanlary gatnaşdylar. Duşuşygyň netijeleri boýunça döwlet baştutanlarynyň çözgüdi kabul edildi. Mundan bir gün öň Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow sammitde ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleriň biri Hazaryň suwunyň çekilmegi boljakdygyny habar beripdi. Onuň sözlerine görä, deňziň derejesi döwürleýin häsiýetde üýtgeýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→