Ozal habar berşimiz ýaly, düýn türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, «Arçman» şypahanasynda gönüden-göni Gahryman Arkadagyň tagallasy bilen giň gerimli işlere badalga berildi. 2009-njy ýylda bu ýerde 400 orunlyk täze bina guruldy. Şypahana 7 kilometr uzaklykdan agyz suwy çekildi we giň gerimli abadanlaşdyryş işleri ýaýbaňlandyryldy. Mundan başga-da, şypahananyň çäklerinde Saglyk ýoly çekildi. Bu bolsa şypahananyň melhem suwy arkaly bejerişiň sportuň dürli görnüşleri bilen utgaşdyrylmagyny üpjün edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri açylyş dabarasynda çykyş etdi, şeýle hem dabaraly ýagdaýda «Arçman» şypahanasynyň täze açylýan 400 orunlyk binasynyň açylyş toý bagyny kesdi. Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy binada döredilen şertler bilen tanyşdy. 6 gatly özboluşly binagärlik keşbine eýe bolan şypahanada keselleri anyklamak we bejermek işleri ýerine ýetirilýär. Binanyň anyklaýyş otaglarynyň ählisi häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede enjamlaşdyrylypdyr. Bölümlerde ornaşdyrylan enjamlaryň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlarydygyny we olaryň sebitde iň täzeleridigini bellemek gerek. Bu ýerde galwanik, fitowanna, SPA-kapsula, infragyzyl sauna, ozonoterapiýa, galoterapiýa, aeroionoterapiýa, parafin, UWÇ we şöhle arkaly bejergiler amala aşyrylýar. Bejeriş işlerinde tebigy serişdeleriň we dermanlyk ösümlikleriň peýdaly häsiýetlerine giň orun berilýär. Mineral suw içilýän binada Köpetdagyň eteginden gözbaş alýan 24 mikroelemente baý mineral suw hödürlenilýär. Onuň bir litrinde 14 — 16 milligrama barabar kükürt-wodorody bolup, mineral suwuň içiliş tertibi iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerinde her bir raýata aýratyn, aşgazanyň turşulygynyň ýagdaýyna görä, lukman tarapyndan bellenilýär. Şypaly suw bilen bejeriş binasynyň bir wagtyň özünde 100 raýaty kabul etmäge mümkinçiligi bar. «Arçmanyň» şypaly suwunyň esasynda kükürtli-wodorodly bejeriş wannalary gan aýlanyşygyny gowulandyrmakda hem-de deri kesellerinde ýaramly bolup, nerw ulgamynyň işjeňligini we bedeniň umumy ýagdaýyny kadalaşdyrmaga ýardam berýär. Mundan başga-da, şypahanada dermanlyk otlar bi-len taýýarlanýan fitowannalar, aromaterapiýa we ingalýasiýa bejergileri dem alyş hem-de nerw ulga-myny rahatlandyryp, bedeniň gorag ukyplaryny we immunitetini ýokarlandyrýar. Bu barada TDH habar berýär.