ABŞ-da 99 ýaşly garry ene konsert dowam edýärkä, özüni tomaşaçylaryň üstüne zyňyp, rekord goýdy. Bu barada «The Guardian» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Paulina Kana diýen ogaýoly ene agtygy Ross bilen basketbol oýnap ýördi. Agtygy onuň tora oklanan topy howada ezberlik bilen tutuşyny, soňam böküp tora salşyny wideo düşürip, internetde çap etdi. Bu rolik sosial torda uly gyzyklanma döretdi. Soňra maşgalasy pensioner enäniň durmuşy barada dokumental film surata düşürmek kararyna geldiler hem-de eneleriniň arzuw sanawyny düzdüler. Görlüp oturylsa, Paulina ene nädibem bolsa, dünýä rekordyny goýmagy arzuw edýän ekeni. Şeýlelikde, kän pikirlenenlerinden soňra olar enäni konsert wagty märekäniň üstüne zyňmaly diýen karara geldiler. Maşgalasynyň tanyş kantri-aýdymçysy Brentli Gilberg Paulina öz konsertinde kömek etmäge razylaşdy. Onuň konsertine gelenleriň sany 20 müňe ýetipdi. Olar agzybir bolup, sahnadan özüni oklan garry enäni göýä asmanda uçup ýören ýaly ellerinde göterip birek-birege geçirdiler. «Meni üç minutlap, tä aýdym gutarýança ellerinde göterdiler. Guş kimin ellerimi ýaýyp, özümi asmana ýetermikäm öýdýärdim» diýip, amerikaly zenan täsirlerini paýlaşdy. Kana fermada önüp-ösendigini, maşgalada ýedi çaganyň iň körpesi bolandygyny gürrüň berýär. Ikinji jahan urşy döwründe ol ýarag zawodynda işläpdir, 83 ýaşynda şol kärhanadan pensiýa çykypdyr. «Öz halaýan durmuşyňda ýaşamak hiç haçan giç däl. Nämedir bir täze zady synap göresiňiz gelse, gijä goýman, hut häzir ediň» diýip, Paulina maslahat berdi.