Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän «Arçman» şypahanasynyň goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumyna halkara şahadatnamalary gowşuryldy. TDH-de habar berlişi ýaly, «ASKIN & CO GmbH» we «Med-Lab-GmbH» kompaniýalarynyň Baş direktory Ralf Paul Lug-bauer şypahanada iň döwrebap lukmançylyk we bejeriş enjamlarynyň üstünlikli gurnalandygyny we ulanmaga berlendigini tassyklaýan Ýokary hil şahadatnamasyny gowşurdy. Soňra «H2S in Balneology Global Initiative» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we prezidenti, Stambul uniwersitetiniň lukmançylyk ekologiýasy we gidroklimatologiýa boýunça professory Müfit Zeki Karagülle çykyş edip, şypahana ylmy hyzmatdaşlygy, bilim we okuw işlerini, ylmy-barlaglary hem-de kükürt-wodorodly balneologik serişdeleriň jogapkärçilikli kliniki taýdan özleşdirilmegini ösdürmäge we goldamaga ygrarlydygyny tassyklaýan Resmi hyzmatdaşlyk merkezi hökmünde bellenilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylýandygyny yglan etdi. «BTL Industries Limited» kompaniýasynyň Gündogar Ýewropa we Ýewraziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktory Bairta Bermana wekilçilik edýän kompaniýasy tarapyndan «Arçman» şypahanasyna halkara ülňülere laýyk gelýän häzirki zaman fizioterapiýa binýadynyň döredilendigini, BTL tehnologiýalarynyň doly integrasiýa edilendigini hem-de dikeldiş kömeginiň ýokary derejesine ygrarlydygyny tassyklaýan şahadatnamanyň gowşurylýandygyny aýtdy. Soňra Balneologiýa we klimatologiýa akademiýasynyň prezidenti Kurt fon Ştorh çykyş edip, Arçman» şypahanasynyň döwrebaplaşdyrylmagy we dabaraly açylyşy ugrunda gazanylan üstünliklere, öňdengörüjilikli başlangyçlara we ýokary derejeli yhlasly zähmete goýulýan çuňňur hormatyň, minnetdarlygyň nyşany hökmünde Minnetdarlyk şahadatnamasyny gowşurdy. Halkara şahadatnamalary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, Halk Maslahatynyň Başlygy Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.