Gitler Mussolini atly dalaşgär Perunyň Keropalka şäheriniň häkimi wezipesine sebit saýlawlarynda öňdeligi eýeledi. Ol sesleriň köplügini aldy diýip, «Peru21» teleýaýlymyna salgylanýan TASS habar berdi. Teleýaýlymyň maglumatlaryna laýyklykda, sesleriň 100 göterimi sanalanda, dalaşgäri hödürlän «Millet häzir» partiýasy sesleriň 229-syny ýa-da 34,5 göterimini alyp, iş ýüzünde saýlawlaryň ýeňijisi boldy. Teleýaýlym şol bir wagtda ýeňiji bolan syýasatçy babatda onuň ýakymsyz at we familiýasyna garap baha bermekden saklanmagy, munuň deregine terjimehaly hem-de maksatnamasy bilen tanyşmagy maslahat berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→