Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän «Arçman» şypahanasynyň goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygyna saglygy goraýyş işgärleriniň adyndan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi. TDH-de habar berlişi ýaly, soňra Gahryman Arkadag dabara gatnaşýan myhmanlaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri «Arçman» şypahanasynyň işgärlerine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan şypahana sowgat berilýän awtoulaglaryň açarlaryny bu bejeriş merkeziniň baş lukmanyna gowşurdy.