Stambuluň Maldepe etrabyndaky ýedi gatly ýaşaýyş jaýy ýykylanda, bäş adam pida boldy. Bu barada «Anadolu» agentligi habar berdi. 8-nji oktýabrda bolan betbagtçylykly wakada jaýyň aşaky üç gatynyň ýykylandygy, harabalyklarynyň astynda galan adamlary halas etmek üçin işine girişilendigi habar berlipdi. Häzir gözleg-halas ediş işleri tamamlandy. Stambuluň prokuraturasy bu waka bilen bagly derňew işini geçirýär. Onuň çözgüdi esasynda jaýy taslamalaşdyran binagär hem-de gurluşygyň ýolbaşçysy tussag astyna alyndy.