Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin GDA ýurtlarynyň Liderlerini Russiýa sapar bilen barmaga çagyrdy. Bu barada Russiýanyň döwlet Baştutanynyň Metbugat gullugy habar berdi. «Şeýle hem, elbetde, eziz dostlar, asylly däbimize eýerip, siziň ähliňizi 21-nji dekabrda Peterburga sapar bilen gelmäge çagyrýaryn. Biz adatça Täze ýylyň öňüsyrasynda GDA-nyň Liderleriniň dostlukly duşuşygyna ýygnanyp, resmi däl şertlerde ähli häzirki we geljekki meseleler boýunça gürrüňdeş bolýarys» diýip, W.Putin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşini mejlisinde eden çykyşynda belledi. Rus Lideri öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen tarapyna şu ýyl Arkalaşykda başlyklyk etmek wezipelerini ýerine ýetirmäge konstruktiw, işjeň çemeleşendikleri üçin we Awazada geçirilen GDA-nyň sammitini ýokary derejede gurandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Russiýanyň Prezidenti GDA-nyň çägindäki ykdysady hyzmatdaşlyk barada durup geçmek bilen, 2025-nji ýylyň jemleri boýunça Russiýanyň GDA ýurtlary bilen söwda dolanyşygynyň 110 milliard amerikan dollaryndan geçendigini, şu ýylyň birinji ýarymynda bu görkezijiniň ýene 12 göterim artandygyny mälim etdi. Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Awazada GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmegine geçirilen ýokary derejeli çärä Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→