Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow sebitiň ýurtlarynyň durnukly ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan buzluklary hem-de dag ekoulgamlaryny gorap saklamagyň zerurdygyny nygtady. Ol bu barada Türkmenistanda geçýän Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygynda aýtdy diýip, «kabar.kg» agentligi habar berdi. Sadyr Žaparow buzluklary we dag ekoulgamlaryny gorap saklamagyň möhümdigini belledi «Tebigy gorlary aýawly peýdalanmak hem-de bu ulgamda innowasiýalaryň peýdalanylmagy durnukly ösüş we geljek nesiller üçin zerurdyr” diýip, gyrgyz lideri nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→