Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çäkli düzümdäki mejlisinde çykyş etmek bilen, syýahatçylyk we daglyk sebitleri ösdürmek ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada durup geçdi. Gyrgyzystanyň döwlet Baştutany GDA döwletleriniň Liderlerini 2027-nji ýylyň oktýabr aýynda Gyrgyzystanda geçiriljek «Bişkek+25» ikinji ählumumy dag sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Prezidentiň Metbugat gullugy habar berýär. Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde Prezident Sadyr Žaparow 2028-nji ýylda görnükli gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň 100 ýyllygyna bagyşlap, GDA-nyň howandarlygynda bilelikdäki çäreleri geçirmegi teklip etdi. Gyrgyzystanyň Prezidenti çykyşynyň ahyrynda ýurduň Arkalaşygy pugtalandyrmaga mundan beýläk hem öz goşandyny goşmaga taýýardygyny nygtady.