2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde maglumat giňişliginde GDA-nyň we oňa agza döwletleriň oňyn keşbini kemala getirmek boýunça çäreler hakynda karar kabul edildi. Resminamany işläp taýýarlamak başlangyjy Täjigistan Respublikasyna degişli boldy. Karar BMG-niň Tertipnamasynyň we GDA-nyň Tertipnamasynyň düzgünlerine, şeýle hem halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýar. Olaryň hatarynda özygtyýarlylyga hormat goýmak, döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek we Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda özara ynamy pugtalandyrmak ýaly ýörelgeler bar. Resminama GDA ýurtlarynyň Arkalaşygyň we oňa agza döwletleriň abraýyna zyýan ýetirip biljek maglumat we sanly giňişlikdäki hereketleriň öňüni almak boýunça ylalaşykly çemeleşmelerini işläp düzmäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, ol jogapkärçilikli maglumat syýasatyny goldamagy, media sowatlylygyny ösdürmegi we maglumat ulgamynda konstruktiw hyzmatdaşlygy ilerletmegi göz öňünde tutýar. Kabul edilen karara laýyklykda, döwletler GDA-nyň we oňa agza ýurtlaryň abraýyny goramak boýunça çäreleri görerler, Arkalaşygyň oňyn keşbini kemala getirmekde biri-birine ýardam bererler hem-de GDA we onuň raýatlary barada jemgyýetçilikde ýaramaz garaýşyň döremegine sebäp bolup biljek maglumatlary ýaýratmakdan saklanarlar. Şeýle hem radikalizme, milletara we dinara agzalalygy öjükdirmäge çagyrýan mazmunly maglumatlaryň ýaýradylmagyna ýol bermezlik boýunça çäreler göz öňünde tutulýar. Bellenilişi ýaly, bu kararyň kabul edilmegi agza döwletleriň maglumat giňişligindäki durnuklylygyny pugtalandyrmaga, özara ynama we hormata esaslanýan dialogy ösdürmäge, şeýle hem dünýäde sanlylaşdyrma hadysalarynyň giň gerim alýan şertlerinde GDA-nyň halkara abraýyny we oňyn keşbini goramaga ýardam eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→